Şu gün UEFA Ýewropa Konferensiýa Ligasynyň 3-nji çempiony belli bolýar

SalamNews

29 Maý, 2024

Şu gün UEFA-nyň täze bäsleşigi bolan 3-nji derejeli klub ýaryşynyň finaly geçiriler. Gresiýanyň paýtagty Afinydaky «AEK Arena» ýa-da «Aýa-Sofiýa» stadionynda oýnaljak finalda grekleriň «Olimpiakos» topary bilen Italiýanyň «Fiorentina» kluby duşuşar. Duşuşyk 00:00-da başlap, oýna portugaliýaly Artur Soareş Diaş eminlik eder.

UEFA-nyň ýaryşlarynda 2-nji gezek grek topary finala çykyp, ilkinjisinde 1971-nji ýylda Çempionlar Ligasynyň finalynda «Panatinaikos» «Aýaksdan» utulypdy. Ýewropa Ligasyndan bu ýaryşa goşulan «Olimpiakos» finala çenli pleý-off tapgyrynda «Ferenswaroşy», 1/8 finalda «Makkabi Tel Awiwi», çärýek finalda «Fenerbahçeni», ýarym finalda bolsa «Aston Willany» ýeňdi.

«Fiorentina» topary 3-nji gezek geçirilýän bu ýaryşyň geçen möwsüminde-de finala çykypdy we Angliýanyň «West Ham» toparyndan asgyn gelipdi. Italýan kluby finala çenli «F» toparçada «Ferenswaroşdan», «Genkden», «Çukariçkiden» üstün çykdy. 1/8 finalda «Makkabi Haýfany», çärýek finalda «Wiktoriýa Plzeni», ýarym finalda bolsa «Klub Brýuggeni» ýeňlişe sezewar etdi.

 Toparlaryň şu düzümde meýdança çykmagyna garaşylýar. 

«Olimpiakos»: Tzolakis – Rodinei, Retsos, Dawid Karmo, Ortega – Çikinio, Iborra, Hezze – Podense, El Kaabi, Fortunis.

«Fiorentina»: Terraççiano – Dodo, Martines Kuarta, Milenkowiç, Biragi – Mandragora, Bonawentura – Gonzales, Beltran, Kuame – Belotti.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews