Türkmenistanly talyp türgenler Tomusky Uniwersiada gatnaşmak üçin Hytaýa ugradylar

SalamNews

24 Iyul, 2023

Türkmenistanyň talyplar ýygyndy toparynyň türgenleri Hytaý Halk Respublikasynyň Çendu şäherinde geçiriljek Tomusky Uniwersiada gatnaşmak üçin ýola düşdüler.

Dünýäniň talyp türgenlerini bir ýere jemleýän bu oýunlar şu ýylyň 28-nji iýuly — 8-nji awgusty aralygynda geçiriler.

Türkmenistanyň talyp türgenleriniň ýygyndysy bu ýaryşda sportuň ýeňil atletika, uşu, suwda ýüzmek, dzýudo görnüşleri boýunça çykyş eder.

Biz Türkmenistanyň talyplar ýygyndy toparynyň türgenleriniň Çenduda geçiriljek tomusky Uniwersiadada uly üstünlikleri gazanjakdyklaryna ynanýarys. Türkmenistanly talyplara uly üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw edýäris.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews