Konserwatoriýada baýramçylyk konsertleri geçirildi

SalamNews

30 Dekabr, 2022

Golaýda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda konsert geçirildi. Oňa kamera ansambly kafedrasynyň talyplarydyr mugallymlary, sungat ussatlary gatnaşdylar.

Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli guralan bu konsertiň dowamynda türkmen we daşary ýurtly kompozitorlaryň meşhur eserleri ýerine ýetirildi. Sazandalaryň wokal saz gurallarynda ýerine ýetiren ajaýyp sazlary tomaşaçylaryň alkyşlaryna mynasyp boldy.

Talyplaryň we sungat ussatlarynyň bilelikde geçirýän şeýle konsertleri ýaş sazandalara hünärlerini ýokarlandyrmaga kömek edýär.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews