Zehinli talyplar innowasiýa tehnologiýalary temasyndan geçirilen akyl-paýhas bäsleşiginiň ýeňijileri boldular

SalamNews

25 Sentýabr, 2023

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary Türkmenistanda geçen Ýokary tehnologiýa hepdeliginiň çäginde Aşgabatda geçirilen akyl-paýhas bäsleşiginde ýeňiji boldular.

Ikinji orny Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň topary eýeledi, akyl-paýhas bäsleşiginiň bürünç baýragyna bolsa ýurdumyzyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň topary mynasyp boldy.

«Ýaşlar we innowasiýa» temasy boýunça bäsleşigi BMG-niň Türkmenistandaky Ösüş Maksatnamasy we ÝHHG-niň Aşgabat merkezi tarapyndan guraldy.

Ol «Arkadag şäheri – akylly şäheri», «STEM (ylym, tehnologiýa, inženerlik we matematika) ugrunda zenanlaryň ösüşi» we «Durnukly ösüş maksatlarynyň gazanylmagyny tizleşdirmekde tehnologiýalaryň hem innowasiýalaryň mümkinçiliklerini ulanmakda ýaşlaryň roly» ýaly temalar boýunça üç tapgyrda geçirildi.

Bäsleşik ýaşlaryň mümkinçiliklerini we olaryň häzirki zaman innowasion tehnologiki çözgütlere beletligini artdyrmaga gönükdirilendir.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews