«Ussat inžener» Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezinde birnäçe binany gurýar

SalamNews

14 Aprel, 2022

Ýurdumyzyň gurluşyk pudagynda işleýän iri kompaniýalaryň biri-de «Ussat inžener» hususy kärhanasydyr.

Senagatçylaryň we telekeçileriň sergisinde bu kärhana Aşgabatdaky «Garagum» myhmanhana toplumyna girýän söwda-dynç alyş merkeziniň taslamasyny görkezýär. Bu merkezde adamlaryň dynç almagy, söwda etmegi üçin ähli amatlyklar göz öňünde tutulýar. Onuň düzümine döwrebap toý mekany hem girýär. Oýun, buz meýdançalary bilen birlikde onuň umumy meýdany 7 gektara barabardyr.

— Biziň gurluşyk kärhanamyza Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezinde birnäçe binadyr desganyň gurluşygy ynanyldy. Olarda ýaşamak we işlemek üçin ähli amatlyklary döretmek maksady bilen gurluşyklar dowam edýär. Mundan öň paýtagtymyzda ýerasty geçelgeleriň, «Laçyn» seýilgähiniň gurluşygyna-da gatnaşdyk — diýip «Ussat inžener» hususy kärhanasynyň arhitektory Soltanmyrat Illenow gürrüň berdi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews