Merkezi Aziýa we Hindistan port hyzmatdaşlygyny ösdürer

SalamNews

Hindistanyň Mumbaý şäherinde «Merkezi Aziýa — Hindistan» köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde Çabahar porty boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hindistanyň iş toparynyň birinji duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga Hindistanyň, Eýranyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlary, Merkezi Aziýa döwletleriniň ulag ulgamynyň wekilleri we Hindistandaky ilçileri, BMG-niň Bütindünýä azyk maksatnamasy boýunça Owganystandaky wekili, şeýle-de Owganystanyň Mumbaýdaky Baş konsuly gatnaşdy.

Duşuşykda çykyş edenler Çabahar portunyň mümkinçiliklerini, onuň Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň hem-de Aşgabat Ylalaşygynyň ähmiýetli bölegi bolup durýandygyny, Hindistan bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny ösdürmekde, Owganystana ynsanperwer kömegini ugratmakda aýratyn ornuny bellediler.

Türkmenistanyň Hindistandaky ilçisi öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda ulag ulgamynda ýurdumyzda we halkara derejede alnyp barylýan işler we taslamalar barada maglumat berdi. Ýurdumyzyň başlangyjy boýunça ulag ulgamy babatda geçirilen halkara maslahatlaryň we beýleki çäreleriň, olaryň netijeleri boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen kararnamalaryň ähmiýeti bellendi.

Duşuşyga gatnaşyjy taraplar şu ýylyň maýynda Türkmenistanda geçiriljek «Halkara üstaşyr ulag geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly halkara maslahata we sergä gatnaşmaga çagyryldy. Duşuşygyň netijesi boýunça bilelikdäki Jarnama kabul edildi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews