Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 10-njy tapgyry jemlendi

SalamNews

6 Awgust, 2023

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 10-njy tapgyrynyň jemleýji duşuşygynda «Nebitçi» paýtagtymyzyň «Altyn Asyr» toparyny kabul etdi.

Bu duşuşyk Balkanabat şäherindäki «Sport toplumy» stadionynda geçirildi. Duşuşyk 1:0 hasabynda paýtagtymyzyň toparynyň ýeňşi bilen jemlendi. 73-nji minutda Zafar Babajanowyň geçiren goly oýnuň ykbalyny kesgitledi. 

Şeýlelikde, 20 utuk jemlän «Altyn Asyr» ýaryş tertibiniň ikinji basgançagynda barýar. «Nebitçi» bolsa 16 utuk bilen dördünji orny eýeleýär.

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 11-nji tapgyrynyň oýunlary 8-nji awgustda geçer. Bu tapgyrda «Merw» – «Arkadag», «Köpetdag» – «Energetik», «Şagadam» – «Nebitçi» hem-de «Altyn Asyr» – «Ahal» jübütleri duşuşar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews