Türkmen sungat ussatlary Moskwada geçiriljek halkara bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar

Ogulnur Pirjikowa, «SalamNews»

11 Maý, 2023

28-nji oktýabr —  4-nji noýabr aralygynda Moskwada geçiriljek «Dutaryň owazy» VII halkara sungat festiwalynyň çäklerinde medeniýet we sungat ussatlarynyň bäsleşigi bolar. Häzirki wagtda bäsleşlik üçin arzalar kabul edilip başlandy.

Bäsleşik bir tapgyrda geçirilip, oňa ençeme ugurlar boýunça dünýäniň dürli künjeklerinden sazandalar, kompozitorlar, ýerine ýetirijiler gatnaşyp bilerler.

Resminamalary we wideo anketalaryny ibermek üçin, bäsleşigiň resmi web sahypasy - http://dutar-sounds.ru/ru/contests/music_competition.html

Arzalar 2023-nji ýylyň 1-nji oktýabryna çenli kabul edilýär.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews