Naýbaşy futzal ligasynyň üçünji tapgyrynyň netijeleri belli boldy

SalamNews

17 Mart, 2023

Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynyň üçünji tapgyry jemlendi. Şeýlelikde, «Migrasiýany» 2:1 hasabynda ahmyrda goýan «Gümrükçi» 9 utuk toplady. Hiç hili utuk ýitirmedik toparlaryň biri-de «Turany» 5:2 hasabynda ýeňlişe sezewar eden «Köpetdagdyr».

Häzir «Gümrükçi» we «Köpetdag» ýaryş tertibiniň başynda ornaşdylar. «Deňizçi» «Senagatbanky» (3:1) ýeňip, utuklarynyň sanyny 6-a ýetirdi. Aslynda, «Senagatbank» toparynyň hem 6 utuga eýelik edýändigi bu toparlaryň ýaryş tertibiniň üçünji we dördünji basgançaklarynda ornaşmaklaryny şertlendirdi. «TNGIZT» bolsa «Milli goşun» toparyndan üstün çykdy — 2:1.

Ýurdumyzyň futzal çempionatynyň nobatdaky — dördünji tapgyrynyň duşuşyklary 26-njy aprel bilen senelener. 4 — 11-nji tapgyryň oýunlary Aşgabat şäherinde ýaýbaňlandyrylar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews