Ýewropa Konferensiýa Ligasynda ýarym finalçylar belli boldy

SalamNews

21 Aprel, 2023

UEFA-nyň 3-nji derejeli ýaryşy bolan Ýewropa Konferensiýa Ligasynda-da ýarym finalçylar belli boldy. 1-nji duşuşykda 4-1 hasabynda ýeňiş gazanan «Fiorentina» öz meýdançasynda «Leh Poznan» bilen duşuşdy. Duşuşykda myhmanlar erjel oýun görkezip, tasdan güýçli garşydaşyny ýaryşdan çykarypdy. 69-njy minutda 3-0 öňe saýlanan polýak klubuna italýanlar soňky minutlarda jogap berdi. Netijede, «Fiorentina» 3-2 utulsa-da, umumy hasapda 6-4 öňe saýlanyp, ýarym finala çykmagy başardy.

1-1 tamamlanan 1-nji duşuşygyň jogap oýnunda «West Ham» öz meýdançasynda «Genti» 4-1 ýeňdi. Iňlis klubunyň gollaryny Antonio (2), Paketa hem-de Raýs geçirdi.

Myhmançylykda 2-0 utulan «AZ Alkmaar» öz meýdançasynda «Anderlehti» esasy wagtda şol hasap bilen ýeňdi. Goşmaça wagtda bolsa üýtgän zat bolmady. Penaltylaryň netijesinde 4-1 öňe saýlanan «AZ Alkmaar» topary ýarym finalyň petegini aldy.

Öz meýdançasynda «Nissa» bilen 2-2 deňme-deň oýnan «Bazel» myhmançylykda goşmaça wagtda 2-1 hasabynda ýeňiş gazanyp, ýarym finala adyny ýazdyrdy (Laborde-10 — Augustin-86, Nuhu-99).

Ýarym finalda «Fiorentina» bilen «Bazel», «West Ham» bilenem «AZ Alkmaar» duşuşar. Ýarym finalyň oýunlary 11-nji we 18-nji maýda oýnalar.   

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews