«Rolan Garros»-da zenanlaryň arasyndaky finalçylar belli boldy

SalamNews

9 Iýun, 2023

Tennis boýunça möwsümiň 2-nji «Uly tuwulga» ýaryşy «Fransiýa Açykda» zenanlaryň arasynda finala çykanlar belli boldy. Şeýle-de, şu gün erkekleriň arasyndaky finalçylar belli bolar.

Zenanlaryň arasyndaky ýarym finalda sanawyň 2-nji belgilisi, belarusly Aryna Sabalenka bilen çehiýaly Karolina Muhowa duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda 26 ýaşyndaky Muhowa güýçli garşydaşyny 3 setde 7:6, 6:7 we 7:5 hasaplar bilen ýeňlişe sezewar etdi. Muhowa karýerasy boýunça ilkinji gezek «Uly tuwulga» ýaryşynda finala çykdy. Ol mundan öň «Awstraliýa Açykda» ýarym finala, «Wimbledonda»-da 2 gezek çärýek finala çykypdy. Muhowa şu wagta çenli diňe 2 ýaryşda finala çykyp, olaryň 1-inde çempionlyk gazandy.

Muhowanyň finaldaky garşydaşy soňky çempion Iga Şwentek boldy. Şwentek ýarym finalda braziliýaly Beatris Haddad Maia bilen duşuşdy. 1-nji seti ýeňillik bilen alan Şwentek 2-nji setde kynçylyk çekdi. Netijede, Şwentek 2-nji setde taý-brek esasynda 7:6 üstün çykmagy başardy. 2 sagat 9 minutlap dowam eden duşuşykda 2:0 hasabynda öňe saýlanan Şwentek bassyr 2-nji, umumylykda 3-nji «Rolan Garros» çempionlygy üçin finala çykdy.

Şwentek bilen Muhowanyň arasyndaky final duşuşygy şenbe güni oýnalar.

WAGTYNDAN ÖŇKI FINAL

Erkekleriň arasyndaky finalçylar hem şu gün belli bolar. Wagtyndan öňki final hasaplanýan ýarym finalda häzirki zaman tennisiniň 2 ägirdi – sanawyň 1-nji ornundaky ispaniýaly Karlos Alkaras bilen 3-nji basgançakdaky serbiýaly Nowak Jokowiç duşuşar. Duşuşyk 18:15-de başlar. Ýeňiş gazanan tennisçi norwegiýaly Kasper Ruud bilen germaniýaly Aleksander Zwerewiň arasyndaky beýleki ýarym finalyň ýeňijisi bilen güýç synanyşar. Erkekleriň arasyndaky final duşuşygy-da ýekşenbe güni 11-nji iýunda oýnalar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews