Aşgabat şäherindäki Demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebi «Açyk gapylar» gününi geçirýär

SalamNews

21 Mart, 2023

Aşgabat şäherindäki Demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebi 2023-2024-nji okuw ýylynda orta hünär okuw mekdebinde okamaga isleg bildirýän orta mekdepleriň, başlangyç hünärment mekdepleriniň uçurymlaryny, harby bölümleriň ätiýaçlyga goýberilýän esgerlerini, edara-kärhanalarda işleýän ýaşlary 29-njy martda hem-de 20-nji maýda geçiriljek «Açyk gapylar» gününe çagyrýar.

«Açyk gapylar» gününde ýaşlar orta hünär okuw mekdebi bilen tanyşdyrylar, olara okuwa girmek üçin talap edilýän resminamalar, taýýarlanylýan hünärler, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik hem-de medeni-köpçülik işleri, talyplaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri barada giňişleýin maglumat berler. Şeýle hem olar özlerini gyzyklandyrýan soragalara jogap alyp bilerler.

«Açyk gapylar» güni görkezilen salgyda degişli günlerde sagat 15:00-da geçiriler.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Kemine köçesiniň 84-nji jaýy.

Telefon belgileri: 94-31-47; 94-31-27.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews