Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň türgenleri möhüm synaglara taýýarlanýarlar

SalamNews

24 Iyul, 2023

Erkin we grek-rim göreşleri boýunça türgenlerimiz şu günler Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde halkara okuw-türgenleşik ýygnanşygyny geçýärler. Munuň özi ýygyndy toparymyzyň Belarus Respublikasynda geçiriljek GDA ýurtlarynyň II oýunlaryna ýokary derejedäki taýýarlygynyň möhüm bölegine öwrüler. Bu barada «Türkmen sporty» gazetinde habar berildi.

Şol ýerde bolýan erkin göreş boýunça ýygyndy toparymyzyň agzalarynyň 7-si Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň türgenleridir. Topara ýolbaşçylyk edýän tälimçi-mugallym hem şol mekdebe wekilçilik edýär. Grek-rim göreşi boýunça ýygyndymyzyň düzüminde hem Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň 7 türgeni  bar. Bu topary Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Nepes Gukulow türgenleşdirýär.

Tomusky Uniwersiada gatnaşmak üçin Hytaýyň Çendu şäherinde bolýan Türkmenistanyň suwda ýüzmek we dzýudo boýunça milli ýygyndy toparlary bolsa Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda günde 2 wagtyna ykjam okuw-türgenleşik sapaklaryny geçdiler.

XXXII Tomusky Uniwersiadada Ýokary sport ussatlygy mekdebinden suwda ýüzüjileriň üçüsi, dzýudo göreşi boýunça pälwanlaryň ikisi çykyş eder.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews