Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebi açyldy

SalamNews

1 Sentýabr, 2023

Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň täze okuw binasy we beýleki desgalary halkymyzyň milli aýdym-saz sungatyna goýulýan sarpanyň güwäsidir. Mekdebiň binasy 240 orunlyk bolup durýar. Mekdepde 50-den gowrak okuw otagy, saz gurallaryny we konsert egin-eşiklerini saklamak üçin ammarlar, Informatika we sanly ulgam boýunça dersleri okatmak üçin enjamlaşdyrylan ýörite okuw otaglary, Horeografiýa sungaty hünäri boýunça enjamlaşdyrylan okuw otaglary we tans zallary, 250 orunlyk mejlisler we konsert zaly, ses ýazýan studiýa üçin niýetlenen enjamlaşdyrylan okuw we iş otaglary, Sport toplumy, zaly hem-de sport türgenleşikleri üçin meýdançalar, naharhana we beýleki düzümler hereket edýär.

Mekdepde saz gurallaryny bejermek, rejelemek, düzmek we dikeltmek üçin niýetlenen, döwrebap enjamlaşdyrylan ýörite ussahana hereket edýär. Mekdep türkmen milli saz gurallary, halk saz gurallary, kirişli saz gurallary, üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary, aýdym aýtmak sungaty, bagşyçylyk sungaty, fortepiano, saz mugallymçylygy, hor dirižýorlygy, sazyň taryhy we nazaryýeti, horeografiýa sungaty, estrada sungaty, nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, dizaýn ýaly ugurlar boýunça hünär taýýarlygyny amala aşyrýar.

Mekdebiň salgysy: Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 3-nji jaýy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews