«Space X» şu gün «Starlink» sputniginiň deslapky tapgyryny uçurar

SalamNews

18 Awgust, 2023

«Space X» kompaniýasynyň hünärmeniniň habar bermegine görä, «Starlink» global internet ulgamynyň orbital düzümini doldurmak maksady bilen 18-nji awgustda «Falcon 9» kysymly raketa bilen bilelikde 21 sany kiçi emeli hemra asmana uçurylar.

Raketa Kaliforniýadaky Wandenberg kosmos güýçleri bazasyndaky SLC-4E uçuş meýdançasyndan uçurylar. Bu tapgyr «Starlink» taslamasynyň çäginde 2019-njy ýylyň maý aýyndan bäri internet hemralarynyň 102-nji we şu ýylyň başyndan bäri 33-nji uçuş bolar. «Space X» emeli hemralaryň 5000-e golaýyny Arş giňişligine uçurandygyny bellemelidiris.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews