Garaşsyzlygyň 32 ýyllygyny ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi

SalamNews

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek döwlet çärelerine gowy taýýarlyk görmek we ýokary derejede geçirmek maksady bilen, degişli guramaçylyk topary döredildi hem-de onuň düzümi tassyklandy. 21-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow bu baradaky degişli Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Medeniýet ministrligi degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri bilen bilelikde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň Meýilnamasynyň  taslamasyny taýýarlamaga we Ministrler Kabinetine bermäge;

degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede, guramaçylykly geçirmegi üpjün etmäge borçly edildi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews