Arkadag şäheriniň döwlet arhiwi döredildi

SalamNews

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň düzüminde Arkadag şäheriniň döwlet arhiwi döredildi. Bu baradaky degişli Karara 31-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews