Hytaý — Türkmenistan ugry boýunça ilkinji ýük uçar gatnawy amala aşyryldy

SalamNews

23-nji iýulda «Türkmenistan» awiakompaniýasy ýük uçary Hytaýyň Şençžen-Baoan halkara howa menzilinden Aşgabada tarap ilkinji ýük uçar gatnawy ýola düşdi.

«CGTN» neşiriniň habaryna görä, bu gatnaw Hytaý bilen Türkmenistanyň arasynda ilkinji ýük gatnawynyň resmi taýdan açylandygynyň subutnamasydyr. Ilkinji ýük gatnawynda «akylly» enjamlar, egin-eşikler we beýleki harytlar ýüklenildi.

Bu gatnawyň Hytaýyň Şençžen şäherinden Merkezi Aziýa ugry boýunça ilkinji gatnaw boldy. Ýük gatnawynyň amala aşyrylmagy Hytaý bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň ösmegine mümkinçilik berer.

Ozal habar berşimiz ýaly, «Türkmenistan» awiakompaniýasy «Airbus 330 — 200P2F» kysymly howa gämisinde hepdede 1 gezek uçuş ýygylygy bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Şenžen şäherine ýük gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews