Astrahanda Halkara Nowruz güni mynasybetli baýramçylyk konserti we sergi guraldy

SalamNews

23 Mart, 2023

W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň binasynda Halkara Nowruz güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi. Oňa ýurtdaky diplomatik gulluklaryň, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherindäki konsullygynyň wekilleri gatnaşdylar.

Baýramçylyk dabarasynyň çäginde sergi-ýarmarka guralyp, onda her ýurduň milli gymmatlyklary, lybaslar toplumlary, neşir önümleri sergilendi.

Türkmenistanyň sergi diwarlygynda gelin-gyzlarymyzyň on barmagyndan çykan nepis el halylary, keşdeleri, milli lybaslary, şaý-sepleri görkezildi. Şeýle hem bu ýere gelen myhmanlar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Gatnaşyjylara bereketli türkmen saçagynyň naz-nygmatlary, dürli tagamlary hödür edildi.

Baýramçylyk konsertinde Astrahanda bilim alýan türkmen talyplary milli aýdym-sazlarymyzy, şol sanda küştdepdi tansyny uly ruhubelentlik bilen ýerine ýetirdiler. Dürli halklaryň sazlary, tanslary we aýdymlary hem çäräniň bezegine öwrüldi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews