GDA agza ýurtlaryň aragatnaşyk boýunça mejlisi geçirildi

SalamNews

8-nji noýabrda Aşgabatda GDA agza ýurtlaryň aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygynyň administrasiýalarynyň ýolbaşçylar geňeşiniň 59-njy we sebit arkalaşygynyň çäginde maglumat boýunça gatnaşyjy döwletleriň utgaşdyryjy maslahatynyň 29-njy bilelikdäki geňeşiniň mejlisi geçirildi.

Mejlise Geňeş agzalary Ermenistanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň aragatnaşyk administrasiýalarynyň ýolbaşçylary, şeýle-de Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň, Halkara kosmos aragatnaşyk guramasynyň, GDA-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda sanly ösüş pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegi we aragatnaşyk ulgamlaryndaky galplyklara garşy çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlise Belarus Respublikasynyň Aragatnaşyk we Maglumat ministri Konstantin Şulgan ýolbaşçylyk etdi. Duşuşykda 21 meselä garaldy we ähli meseleler boýunça kararlar biragyzdan kabul edildi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews