Türkmen talyplarynyň arasynda «Brain-ring» bäsleşigi geçirildi

SalamNews

4 Noýabr, 2022

Golaýda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplarynyň arasynda COVID-19 bilen baglanyşykly «Brain ring» zehin bäsleşigini geçirdi.

Bu çäre Bütindünýä banky tarapyndan maliýeleşdirilýän «Türkmenistanda COVID-19-a jogap» taslamasynyň çäginde guraldy. Bäsleşige gatnaşan talyplar we mugallymlar ýokanja garşy durmagyň ýollary, onuň öňüni almak bilen baglanyşykly çäreler bilen tanyşdyryldy.

Bäsleşigiň ýeňijilerine sowgatlar gowşuryldy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews