Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň ýolbaşçylary bilen amaly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy

SalamNews

15 Aprel, 2023

Şu gün — 15-nji aprelde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Özbek Lideri Prezident Serdar Berdimuhamedowa enesi hem-de Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa käbäsi Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykandygy zerarly gynanjyny bildirdi.

Söhbetdeşlikde iki ýurduň arasynda alnyp barylýan netijeli gatnaşyklary mundan beýläkde pugtalandyrmak baradaky meselelere garaldy.

Hususan-da «Daşoguz — Şawat» serhetýaka söwda zolagyny döretmek, ykdysadyýetiň ileri tutulýan pudaklarynda hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly taslamalary durmuşa geçirmek we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlykda alnyp barylýan netijeli işleri dowam etdirmek hakyndaky meseleler dogrusynda pikir alşyldy.

Prezident Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy hem-de Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy ýetip gelýän Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews