Türkmenistanda bilim alan owgan talyplara diplom gowşuryş dabarasy geçirildi

SalamNews

3 Iyul, 2023

Türkmenistanyň  Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda bilim alyp, degişli hünärleri ele alan owgan talyplara diplom gowşuryş dabarasy geçirildi.

Türkmen institutyny tamamlan talyplaryň arasynda dostlukly Owganystan döwletinden okamaga gelen talyp ýaşlaryň 8-si ulag pudagynyň dürli hünärleri boýunça bilim aldylar.

Owganystanly talyplar institutyň awtomobiller we awtomobil hojalygy, lokomatiwler, wagonlar we ulagyň gatnawlaryny guramak hünärleri boýunça inžener mehanik kärini ele aldylar.  

Institutyň rektory Muhammetrahym Öwezow myhman talyplara ak ýol arzuw edip, diplomlaryny hem-de nyşanlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Soňra uçurym talyplar öz ýürek buýsançlary bilen çykyş etdiler.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews