Dünýäniň ýaşamak üçin iň oňaýly şäherleriniň sanawy düzüldi

SalamNews

28 Iýun, 2022

«Economist Intelligence Unit» kompaniýasy dünýäde ýaşamak üçin iň oňaýly şäherleriň sanawyny mälim etdi. Sanawda Awstriýanyň Wena şäheri dünýäde ýaşamak üçin iň oňaýly şäher diýen ada mynasyp boldy. Bu barada cnnturk.com web saýty habar berdi.

Habara görä, Wena şäheri geçen ýyl bu sanawda 12-nji ýeri eýeledi. Ýeri gelende bellesek, Awstriýanyň paýtagt şäheri bolan Wena 2018-2019-njy ýyllarda bu sanawda yzygiderli 1-nji orny eýeledi.

Sanawa dürli görkezijiler boýunça dünýäniň 173 şäheri girizildi. Geçen ýyl sanawyň lideri Täze Zelandiýanyň Oklend şäheri bolupdy. Bu ýyl Oklend şäheri Covid-19 pandemiýasynyň çäklendirmeleri sebäpli 34-nji ýere düşdi.

Dünýäniň ýaşamak üçin iň oňaýly şäherleriniň ilkinji onlugy:

  1. Wena, Awstriýa.

  1. Kopengagen, Daniýa.

  2. Sýurih, Şweýsariýa.

  3. Kalgari, Kanada.

  4. Wankuwer, Kanada.

  5. Ženewa, Şweýsariýa.

  6. Frankfurt, Germaniýa.

  7. Toronto, Kanada.

  8. Amsterdam, Gollandiýa.

  9. Osaka, Ýaponiýa.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews