«Denwer Naggetsiň» finaldaky garşydaşy «Maýami Hit» boldy

SalamNews

30 Maý, 2023

Amerikanyň Milli basketbol ligasy NBA-da 2-nji finalçy hem ahyry belli boldy. Şu gün oýnalan Gündogar Konferensiýanyň finalynyň 7-nji duşuşygy Bostonda geçirildi.

Soňky 3 duşuşykda ýeňiş gazanan «Boston Seltiks» ilkinji 3 duşuşykda ýeňiş gazanan «Maýami Hiti» kabul etdi. Oýna turuwbaşdan erjel girişen myhmanlar 19 utuk aratapawudy bilen üstün çykyp, «Boston Seltiksiň» 3:0-dan gelip, taryhy ýeňiş gazanmagyna rugsat bermedi. 103:84 hasabynda ýeňiş gazanan «Maýami Hit» umumy hasapda 4:3 öňe saýlanyp, Gündogar Konferensiýanyň çempiony boldy hem-de NBA-nyň finalyna çykdy.

Soňky 4 möwsümde 2-nji gezek finala çykan «Maýami Hitde» Jimmi Batler 28, Kaleb Martin 26, Bam Adebaýo 12 utuk geçirdi. «Boston Seltiksde» bolsa Jeýlen Brown 19, Derrik Waýt 18, Jeýson Tatum 14 utuk bilen çykyş etdi. Şunlukda, «Maýami Hit» NBA-da adaty möwsümi 8-nji tamamlap, finala çyka 2-nji topar boldy. Ondan öň 1999-njy ýylda «Nýu Ýork Niks» finala çykypdy.

«Denwer Naggets» bilen «Maýami Hitiň» arasyndaky final duşuşyklaryň ilkinji 2-si 2-nji we 5-nji iýunda Denwerde, 3-4-nji duşuşyklar 8-nji we 10-njy iýunda Maýamide oýnalar. Gerek bolan ýagdaýynda 5-6-7-nji duşuşyklar hem degişlilikde, 13-nji, 16-njy hem-de 19-njy iýunda geçiriler.  

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews