Türkmenistanda sentýabr aýynda nähili çäreler geçiriler?

SalamNews

26 Awgust, 2023

Sentýabr aýynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaralar geçiriler. Şeýle hem «Garaşsyzlygyň merjen däneleri», «Çalsana, bagşy!» bäsleşikleriniň jemleýji tapgyrlary, ýurdumyzyň ykdysady gazananlarynyň sergisi, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy: halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň tejribesi we geljegi» atly halkara maslahat, «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan halkara habarlar giňişliginde» atly halkara media forumy geçiriler.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy bolar hem-de beýleki medeni-köpçülikleýin çäreler guralar.

Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň awgust aýynda geçiriljek esasy çäreleriň tertibi baradaky hasabatynda aýdyldy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews