Türkmen teatr sungaty uly ýitgä sezewar boldy

SalamNews

28 Mart, 2023

Düýn — 27-nji martda Türkmenistanyň halk artisti, ussat halypa Muhammet Bekiýew 72 ýaşynda aradan çykdy.

Muhammet Bekiýew 1951-nji ýylyň 10-njy martynda Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde işçi maşgalasynda dünýä inýär. Ol orta mekdebi tamamlandan soň, Baýramaly şäheriniň kitaphanasynda kitaphanaçy bolup ilkinji zähmet ýoluna gadam basýar.

Türkmen kino sungatynyň dublýaž ugrunyň kämilleşmeginde özüniň mynasyp goşandyny goşan halypa Muhammet Bekiýew 1968 — 1973 ýyllarda Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherindäki Şepkin adyndaky ýokary teatr uçilişesinde bilim alýar. Ol bu okuw mekdebini tamamlandan soňra, Aşgabat şäherindäki Aman Gulmämmedow adyndaky ýaş tomaşaçylar teatrynda (häzirki Alp Arslan teatry) artist bolup işleýär. Muhammet Bekiýew dürli ýyllarda dürli wezipede zähmet çekip, halypalyk derejesine çenli kämilleşipdir.

Muhammet Bekiýew teatr, kino sungatynda ýatdan çykmajak ençeme çeper keşpleri döretdi. «Böwüsgin», «Ölüm kerweni», «Ýylanly ada», «Gyzykly gezelenç», «Öwrüm», «Mukam» ýaly 400-den gowrak kinofilmlerde dürli keşpleri janlandyryp, halkyň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolan sahna ussady SSSR-iň Döwlet baýragyna, Magtymguly adyndaky halkara baýragyna mynasyp boldy. «Akylla-da pul gerek,akmaga-da pul gerek» diýen aýdymy aýdyp, «Keremli söz» çeper filminde pukara derwüşiň keşbini döreden Muhammet Bekiýewe «Türkmenistanyň at gazanan artisti», «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly atlar berildi.

Zehinli ussat 1996-njy ýylda «Watana bolan söýgüsi üçin», 2001-nji ýylda «Gaýrat» medallary, 2008-nji ýylda «Galkynyş» ordeni, 2011-nji ýylda bolsa «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglandy.

Muhammet Bekiýew ömrüniň ahyrky ýyllarynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda zähmet çekip, teatrda sahnalaşdyrylan sahna oýunlarynyň birnäçesinde baş keşpleri ýerine ýetirip, tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolmagy başardy. Olardan «Romeo we Julýettada» Lorensionyň, «Ýusup — Züleýhada» patyşanyň, «Sahawat derýasynda» Atdan aganyň, «Däli Domrulda» Domrulyň kakasynyň, «Täsin söýgüde» geňeşçiniň, «Seniň wepaň üçinde» Muhammetdurdy aganyň keşpleri bilen ýüreklerde müdimilik orun aldy.

Ýazyň ilkinji aýynda ýaz bolup dünýä inen Türkmenistanyň halk artisti Muhammet Bekiýewi şu gün — ýene-de ýazyň ilkinji aýynda iň soňky ýoluna ugradýarlar.

Halypanyň imany hemra, jaýy jennetden bolsun!

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews