Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine näçe talyp kabul ediler?!

SalamNews

12 Iyul, 2022

2022-2023-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine 15 müň 326 talyby okuwa kabul etmek göz öňünde tutulýar. Bu görkeziji geçen ýyla garanymyzda 320 adam köpdür. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Habara görä, şu okuw ýylynda ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn edaralarynyň we guramalaryň sargytlary esasynda orta hünär okuw mekdeplerine 10 müň 490 talyp kabul ediler. Munuň özi geçen ýyldakydan 380 adam artyk kabul edilýändigini görkezýär.

11-nji iýulda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleri dalaşgärleriň resminamalaryny kabul edip başladylar.

Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul edişlik barada giňişleýin maglumaty www.salamnews.tm saýtymyzyň «Dalaşgär — 2022» bölüminde giňişleýin okap bilersiňiz.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews