Ýewropa Ligasynda möwsümiň simwolik ýygyndysy

SalamNews

24 Maý, 2022

UEFA Ýewropa Ligasynda möwsümiň simwolik ýygyndysy mälim edildi. Topara çempion bolan «Aýntrahtdan» 4 futbolçy, finalçy «Reýnjersden» 3 futbolçy, şeýle-de ýarym finalda utulan «West Ham» bilen «Leipsigiň» hem hersinden 2 futbolçy alyndy.

Simwolik ýygyndynyň derwezeçisi Kewin Trapp bolup, ol finalda «Aýntrahtyň» çempionlygyna uly goşant goşdy. Ýaryşyň iň köp gol geçiren futbolçysy, «Reýnjersiň» sag gyraky futbolçysy (goragda, ýarymgoragda oýnaýar) Jeýms Tawernie hem ýygynda saýlandy.

Şeýle-de, Ýewropa Ligasynda möwsümiň futbolçysy baýragyna «Aýntrahtyň» serbiýaly ýyldyzy Filip Kostiç, möwsümiň ýaş futbolçysy baýragyna bolsa ýene-de «Aýntrahtdan» Ansgar Knauff laýyk görüldi.

Ýewropa Ligasynda möwsümiň simwolik ýygyndysy (3 – 4 – 3):

DERWEZEÇI: Kewin Trapp («Aýntraht»).

GORAGÇYLAR: Kreýg Dowson («West Ham»), Martin Hinteregger («Aýntraht»), Kalwin Bassi («Reýnjers»).

ÝARYMGORAGÇYLAR: Jeýms Tawernie («Reýnjers»), Konrad Laimer («Leipsig»), Deklan Raýs («West Ham»), Filip Kostiç («Aýntraht»).

HÜJÜMÇILER: Kristofer Nkunku («Leipsig»), Rafael Santos Borre («Aýntraht»), Raýan Kent («Reýnjers»).

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews