Awiakompaniýanyň ýalňyşlygy 6 ýaşly oglanjygyň başga şähere düşmegine sebäp boldy

SalamNews

28 Dekabr, 2023

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda alty ýaşly oglanjyk awiakompaniýanyň ýalňyşlygy sebäpli barmaly ýerinden başga şähere düşdi. Kasper atly oglanjyk birinji gezek ýekelikde uçdy. Onuň ata-enesiniň awiakompaniýanyň çagalary ugrukdyrmak boýunça hyzmatyndan peýdalanandyklaryny «МИР 24» habar berýär.

Meýilnama boýunça Kasper Filadelfiýadan Fort-Maýers şaherine uçmalydy. Emma näbelli sebäplere görä, Orlando şäherine baryp düşdi. Garaşylmadyk ýagdaý oglanjygyň enesini agtygy bilen duşuşmak üçin başga bir howa menziline çenli ýol aşmaga — 250 kilometrlik menzili külterlemäge mejbur etdi.

Bolan waka sebäpli aljyňňylyga düşen Kasperiň enesi tolgunmasyny paýlaşdy we bu wakany durmuşynyň iň aýylganç ýatlamasy hökmünde häsiýetlendirdi.

Oglanjygy — müşderisini barmaly nokadyna çenli eltmek boýunça jogapkärçilik çekýän awiakompaniýa heniz bu mesele boýunça resmi düşündiriş bermedi. Kasperiň maşgalasy ýagdaýyň düşündirilmegine garaşýar we geljekde şuňa meňzeş wakalaryň öňüni almak üçin çäreleriň görülmegine bil baglaýar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews