Şengen wizasyny onlaýn görnüşde alyp bolar

SalamNews

15 Iýun, 2023

Ýewropa Bileleşigi Şengen wizalaryny almak tertibini onlaýn görnüşde amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Habar beriş serişdeleriniň habaryna görä bu şertnama ÝB Geňeşi we Ýewropa Parlamenti tarapyndan öňe sürüldi.

Täze düzgüne laýyklykda, wiza almak isleýänler Şengen wizasy üçin ilkinji gezek ýüz tutanlarynda ýa-da pasportyny täzelän, biometrik maglumatlaryny üýtgeden ýagdaýlarynda konsullyga özleri gelmeli bolarlar. Eger wiza üçin isleg bildirýän adam Şengen zolagynyň birnäçe ýurduna baryp görmäge isleg bildiren ýagdaýynda, platforma galmagyň dowamlylygyna baglylykda anketany gaýtadan işlemekde haýsy ýurduň jogapkärdigini awtomatiki usulda kesgitlär.

Şondan başga ähli ýagdaýlarda wiza üçin ýüz tutmalar ýörite platformanyň üsti bilen onlaýn görnüşde amala aşyrylýar. Onda siz gerekli maglumatlary hem-de petekleriň elektron nusgasyny alyp, ýerleşmek isleýän myhmanhanaňyzy sargyt edip bilersiňiz.

Wiza amallarynyň sanlylaşdyrylmagy wiza galplygy we ogurlyk töwekgelçiligini azaltmak bilen Şengen sebitiniň howpsuzlygyny ýokarlandyrar. Bu dünýäniň dürli künjegindäki adamlar üçin wiza almak amallaryny has elýeterli we amatly eder.

Syýahat maksady bilen iň köp 90 gün ýagny, 6 aýyň dowamynda berilýän Şengen wizasy Ýewropa Bileleşiginiň 22 ýurdunda, şeýle hem Islandiýada, Norwegiýada, Lihtenşteýnde we Şweýsariýada ulanylýar. Irlandiýa, Bolgariýa, Rumyniýa we Kipr ýaly käbir ýurtlar Ýewropa Bileleşigine agza bolsalar-da, Şengen sebitine girmeýärler.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews