Watan harmanyna 2 müň 300 tonnadan gowrak pile tabşyryldy

SalamNews

2-nji iýunda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow hasabatynyň başynda ýurdumyzyň ýüpekçileriniň pile öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habary aýtdy.

Serdar Berdimuhamedow habary kanagatlanma bilen kabul edip, ýurdumyzyň ussat ýüpekçileriniň yhlasly zähmeti netijesinde, Watan harmanyna 2 müň 300 tonnadan gowrak pile tabşyrylandygyny aýtdy. Biz ýüpekçiligi ösdürmek üçin köp işleri ýerine ýetirýäris. Geljekde-de bu pudaga uly üns bereris diýip, döwlet Baştutany belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti mejlise gatnaşyjylary we ähli türkmen halkyny bu zähmet üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews