Şakira – «Ýylyň zenany»

SalamNews

28 Aprel, 2023

46 ýaşly pop-ýyldyz Şakira sungat äleminde iň meşhur latynamerikaly aýdymçy zenan boldy we «Billiboard» aýdym-saz neşiriniň tassyklamagy bilen, «Ýylyň zenany» diýip yglan edildi. Oňa bu boýunça degişli baýrak 7-nji maýda geçiriljek «Latin Women in Musik» atly dabaraly çärede gowşurylar. Tutumy uludan tutuljak bu konsert, žurnalyň taryhy boýunça aýdym-saz älemine ägirt goşant goşan latynamerikaly aýdymçylara bagyşlanan ilkinji çäre bolar.

Žurnalyň maglumatlaryna görä, dünýäde hite öwrülen «Whenever, Wherever» aýdymynyň eýesi jemi 95 million plastinkasyny satmagy başarypdyr.

Şakira aýdym-saz sungatyna 13 ýaşynda baş goşýar. Şondan bäri ol 11 sany studiýa ýazgysyny edip, 10 sany Gremmi baýragyna mynasyp boldy.

— «Şakira» diýmek, «Aýdyma siňen zenan» diýmek. Hut Şakiradan ruhlanyp, bütin dünýädäki latyn zenanlary çuň manyly aýdym-sazlary döretmäge mümkinçilik aldylar. Ol öz ugruny döretdi we häli-häzirem täsin talanty, ajaýyp sesi, durky bilen aýdymda ýaşaýandygy üçin diňleýjileriň söýgüli aýdymçysy bolmagynda galýar. Bir söz bilen aýdanyňda, Şakira Aýdyma siňen zenanyň nusgasy — diýip, «Willboard» žurnalynyň kontent-menejeri Leýla Kobo nygtaýar.

Ýeri gelende aýtsak, Şakiranyň adamsy Jerard Pike bilen aýralygyny beýan edýän «53» atly aýdymy diňleýjileriň arasynda uly meşhurlyga eýe boldy. Gynançly wakany suratlandyrýan ispan dilindäki bu aýdym Şakira nobatdaky rekordy getirdi we ol ilkinji gezek «Billboard Hot 10» sanawynda ýer aldy.

 

 

 

 

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews