Grossmeýsterlige 3 utuk galdy: Saparmyrat Atabaýew Hytaýda geçen halkara küşt ýaryşynyň kümüş medalyny gazandy

SalamNews

28 Noýabr, 2023

Halkara ussatlyga ýeten türkmen küştçisi Saparmyrat Atabaýew Hytaýyň Sinhuandao şäherinde geçen «Ýol we guşak» atly üçünji açyk halkara ýaryşda kümüş medala mynasyp boldy. Bu barada Türkmenistanyň Küşt federasiýasy habar berdi.

Ýaryşa 4 ýurtdan (Hytaý Halk Respublikasy, Mongoliýa, Türkmenistan hem-de Gyrgyz Respublikasy) 27 küştçi gatnaşdy. Şolardan 8-si grossmeýster, 6-sy halkara ussat we 2-si FIDE-niň ussadydyr.

Saparmyrat Atabaýew öz partiýalarynyň dördüsini ýeňiş bilen jemledi. Galanyny bolsa deňlikde tamamlady we mümkin bolan 9 utukdan 6,5 utuk toplady. Ildeşimiz ýaryşyň ikinji tapgyrynda şu abraýly bäsleşikde ýeňiş gazanan hytaýly küştçi Huang Renjini ýeňlişe sezewar etdi. Ýeri gelende bellesek, ýerli türgen Saparmyratdan asgyn geleninden soň grossmeýsterleri yzly-yzyna ýeňdi we 7 utuk toplady.

Türkmen küştçisi nobatdaly kümüş medalyndan başga-da, grossmeýsterligiň üçünji we ahyrky kadasyny doldurdy. Şeýlelikde, ol Elo reýtingini 2497 utuga ýetirdi. S.Atabaýew ýene 3 utuk gazanyp bilen bolsa Elo reýtingini 2500-e ýetirjekdi we resmi taýdan «grossmeýster» derejesine eýe bolup, ýurdumyzyň onunjy grossmeýsteri hökmünde bellige alynjakdy.  

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews