Türkmen türgenleri birnäçe medala eýe boldular

SalamNews

20 Aprel, 2023

Öň habar berşimiz ýaly, ýüzüjilerimiz Özbegistanyň suwda ýüzmek boýunça açyk çempionatyna gatnaşmagyň çäklerinde şu günler Daşkentde bolýarlar. Ýaryşa Türkmenistandan, Täjigistandan we Özbegistandan gelen türgenler gatnaşýarlar. Türkmen türgenleri çempionatda kümüş we bürünç medallary gazanyp, ýaryşa şowly başladylar.

Türgenlerimiz 4x100 metr aralyga ýüzmekde kümüş medal gazandylar. Aýallaryň arasynda geçirilen ýaryşda bolsa zenanlarymyz bürünç medala eýe boldular. Özbegistanyň çempionatynda türgenlerimiziň üstünlikli çykyş etmegi, 14 — 30-njy iýul aralygynda Ýaponiýanyň Fukuoka şäherinde geçiriljek suwda ýüzmek boýunça dünýä çempionatyna gatnaşmaga mümkinçilik döretjekdigini ýatladýarys.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews