Ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi bir aý zähmet rugsadynda bolar

SalamNews

14-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi.

Mejlisde Döwlet Baştutany 1-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryndan we welaýat häkimlerinden beýleki ýolbaşçylara dynç almaga rugsat berýändigini aýtdy. Hemişe bolşy ýaly, ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi Awazada, «Arçmanda», «Ýyly suwda» ýa-da beýleki şypahanalarda dynç alyp biler.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews