Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa bilen Russiýanyň hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny teklip etdi

SalamNews

14 Oktýabr, 2022

«Şu gün Astana şäheriniň Kongres merkezinde geçirilýän «Merkezi Aziýa ― Russiýa» sammitinde eden çykyşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow dünýä geosyýasatyndaky häzirki meýilleriň oňyn ýagdaýda däldigini aýdyp, şu düzüme gatnaşýan ýurtlar bilen hyzmatdaşlykda aýratyn üns berilmeli anyk ugurlary teklip etdi» diýip, «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşiri ýazýar.

Döwlet Baştutanynyň pikiriçe, şol ugurlar, ine, şulardan ybarat bolup biler:

  • Birinjiden, biziň ýurtlarymyzdaky ýagdaýyň durnuksyzlaşdyrylmagy; şeýle synanyşyklara garşy durmak.

  • Ikinjiden, terrorçylyk, ekstremizm, kiber we biologik howplardan goramagyň kepilliklerini üpjün etmek.

  • Üçünjiden, jemgyýetçilik aňyna hakykata gabat gelmeýän pikirleriň we ahlak düzgünleriniň emeli ýol bilen ornaşdyrylmagyna garşy göreşmek.

  • Dördünjiden, dünýädäki ýagdaýlaryň umumy çylşyrymlaşmagynyň ýaramaz netijelerini öňünden duýdurmak.

Şular barada aýdyp, Prezident Serdar Berdimuhamedow sammitde eden çykyşynda agzalan ugurlarda bilelikdäki işleri güýçlendirmek maksady bilen, Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky altytaraplaýyn geňeşmeleriň geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny, şu meseläniň ýörite gulluklaryň we beýleki düzümleriň işine-de degişlidigini belledi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews