Türkmenistanyň Prezidenti «Arkadag» gazetiniň döredijilik işgärlerini we okyjylaryny gutlady

SalamNews

29 Iýun, 2023

Şu günden başlap, Arkadag şäherine degişli bolan «Arkadag» gazeti okyjylara ýetirilýär. Ol hepdede bir gezek neşir ediler.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 1-nji aprelde gol çeken Kararyna laýyklykda, täze döredilen «Arkadag» gazetiniň çap edilip başlanjakdygy barada ozal hem habar beripdik. Gazetiň ilkinji sanynyň çykmagy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti «Arkadag» gazetiniň döredijilik işgärlerine we okyjylaryna Gutlag iberdi.

Onda bellenişi ýaly, geljegiň şäheri adyny alan, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri Türkmenistanyň okgunly ösüşiniň, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň hem-de özygtyýarlylygynyň, onuň ykdysady kuwwatynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygynyň, durmuş ulgamynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Täze neşiriň oňyn özgertmelerimiziň, giň gerimli başlangyçlarymyzyň düýp many-mazmunyny halka düşündirmekde uly ähmiýete eýe bolyp, şäher ýaşaýjylarynyň, ähli watandaşlarymyzyň, giň okyjylar köpçüliginiň uly söýgüsini gazanar.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti «akylly» şäher gurmak babatda dünýä tejribesiniň gazananlaryny milli medeniýetimiz, binagärligimiz hem-de ykdysadyýetimiz bilen bilelikde bir ýere jemlän Arkadag şäheriniň türkmen myhmansöýerliginiň ýokary derejede ýüze çykýan mekanyna öwrüljekdigini nygtady:

«Gözelligi we döwrebaplygy bilen dünýäniň ünsüni özüne çekjek Arkadag şäheri halkara sport hem-de medeni çäreleriň, toý-tomaşalaryň, dabaralaryň, festiwallaryň geçirilýän şäheri bolar. Bu işleriň has giň gerimde wagyz edilmegini gazanmak bolsa döredijilik adamlarynyň paýyna düşýär. «Arkadag» gazetiniň döredijilik işgärleriniň bu işleri irginsiz yhlas, gujur-gaýrat we döredijilik ussatlygy bilen ýerine ýetirjekdiklerine berk ynanýaryn».

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews