Serdar Berdimuhamedow türkmen telekeçileriniň sergisine baryp gördi

SalamNews

18-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygy mynasybetli geçirilýän sergide bolup, ýurdumyzyň işewür düzümleriniň öndürýän önümleri, senagat harytlary hem-de olaryň görnüşleri bilen tanyşdy.

Sergi monitor arkaly görkezilýän maglumatlardan başlanýar. Onda ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň 15 ýylyň dowamynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, hususy ulgamyň gazanýan üstünlikleri we mynasyp bolan güwänamalary, diplomlary barada giňişleýin maglumatlar berilýär. Söwda-senagat edarasynda guralýan sergide görkezilýän dürli önümler barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew hem-de ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýew hasabat berdiler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow sergi bilen tanyşlygyň dowamynda ýokary hilli önümleri bilen ýurdumyzda we daşary döwletlerde meşhurlyk gazanan «Täze aý»,  «Hasar», «Balşeker», «Duýgy», «Doganlar ýyldyzy», «Ak gar» haryt nyşanly süýji-köke öndürýän telekeçileriň görkezýän önümleriniň görnüşleri bilen gyzyklandy. Mälim bolşy ýaly, bu önümler ýokumlylyk derejesi we  ýokary halkara ülňülere laýyk gelmegi bilen, dünýäniň bazarlarynda uly islegden peýdalanýar. «Ter önüm» hojalyk jemgyýetiniň wekili ýetişdirilen gök we miwe önümleriniň söwdasy, olaryň ýerleşýän ýerleri, öndürilýän önümleriň mukdary we olaryň bahalary bilen baglanyşykly maglumatlary özünde jemleýän täzeçil programma barada gürrüň berdi.

Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow Söwda-senagat edarasynyň binasynyň ýanynda ýerleşýän ýörite meýdançada görkezilýän guşlaryň we mallaryň görnüşleri, olary idetmegiň aýratynlyklary bilen tanyşdy. Döwlet Baştutany maldarçylyk önümleriniň gaýtadan işlenilmeginiň ähmiýetlidigini belläp, döwletimiziň oba hojalyk önümlerini öndürýän we gaýtadan işleýän telekeçileriň işini mundan beýläk-de höweslendirmek ugrunda zerur tagallalary etjekdigini aýtdy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews