Serdar Azmun Eýranyň ýygyndysynda Aziýanyň Kubogynyň ýarymfinalynda çykyş eder

SalamNews

4 Fewral, 2024

Eýranyň milli ýygyndy topary futbol boýunça Aziýanyň Kubogynyň çärýekfinalynda Ýaponiýany ýeňlişe sezewar etdi.

28-nji minutda Hidemasa Moritanyň hasaby açmagy bilen ýaponiýalylar öňe çykdy.

Ikinji ýarymda eýranlylar oýny ele aldylar. 55 minutda Serdar Azmunyň geçiren topuna ilkinji bolup ýetişen Mohamad Mohebi tapawutlandy.

Ikinji ýarymyň esasy wagtyna goşulan minutlarda Eýranyň futbolçylary 11 metrlik jerime urgusyny gazandylar. 11 metrlik belligiň ýanyna ýygyndy toparyň kapitany Alireza Jahanbahş geldi. Kapitanyň ýerine ýetiren netijeli urgusy Eýranyň ýygyndysyny öňe çykardy.

Şeýlelikde, garşydaşyny 2:1 hasabynda ýeňen Eýranyň ýygyndy topary ýarymfinalda çykyş etmäge hukuk gazandy. Toparyň ýarymfinaldaky garşydaşy Kataryň ýygyndysy bolar.  

Beýleki ýarymfinalda Iordaniýanyň ýygyndy topary Koreýa Respublikasynyň garşysyna çykar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews