Şu gün V Wena balynyň açylyş dabarasy bolar

SalamNews

11 Oktýabr, 2023

Şu gün Arkadag şäherinde sagat 18:00-da Türkmenistanyň Medeniýet, Daşary işler ministrlikleriniň Arkadag şäheriniň häkimliginiň guramagynda V Wena balynyň açylyş dabarasy bolar. Bu çärä gatnaşjak Awstriýa wekiliýetiniň düzümine meşhur opera solistleri we tans duetleri girer.

Wolfgang Mosart, Iogan Ştraus, Weli Muhadow, Aman Agajykow, Daňatar Öwezow, Çary Nurymow ýaly meşhur awstriýa we türkmen kompozitorlarynyň eserleri Türkmenistandaky Wena balynyň aýrylmaz bölegine öwrüler.

Ýatlap geçsek, Wena baly Türkmenistanda bäşinji gezek guralýar. Türkmenistanda ilkinji gezek Wena baly 2011-nji ýylda Aşgabatda geçirilipdi. Bu çäräni geçirmek Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň goldawy bilen Awstriýa-Türkmen jemgyýeti tarapyndan ýola goýuldy.

Şu mynasybetli Wenanyň meri we gubernatory Mihael Lýudwig Wena balyna gatnaşyjylara Gutlag iberdi. Onda bellenilişi ýaly:

Pandemiýa zerarly iki ýyllyk arakesmeden soňra dünýäniň saz paýtagty Wena sizi ýene-de şäheriň gaýtalanmajak dünýäsine aralaşmaga we ýatdan çykmajak agşamy geçirmäge çagyrýar. Nusgawy sazyň Wena döwri diýip atlandyrylýan zamanynda bu şäher Gaýdn, Mosart, Bethowen ýaly meşhur kompozitorlara dünýä belli sazlaryny döretmäge ylham berdi.Awstriýanyň paýtagty tansyň hem-de Wena bal däpleriniň halkara paýtagty hökmünde hem meşhurdyr. Tutuş dünýäde adamlar täze ýylyň başlanmagyny ady rowaýata öwrülen «Mawy Dunaý» wals tansy hem-de Ştrauslar neberesiniň agzalarynyň tans sazlary bilen belleýärler.

Wenanyň gaýtalanmajak dünýäsi bilen döredilen özboluşly we täsin sazy netijesinde däp bolan Wena ballary daşary ýurtlarda iri halkara çärelerine öwrüldi. Aşgabatdaky myhmanlarymyz her ýylda geçirilýän Wena opera balynda «Alles Walser!» çagyryşyny ýene-de eşidip bilerler. Başga ýurtlarda geçirilýän Wena ballarynda Wena şäheri tutuş dünýä bilen durmuşy dabaralandyrýan dostluk ruhuny paýlaşýar.Aşgabatdaky Wena baly şatlygyň, parahatçylygyň we halkara özara düşünişmegiň nyşany bolup durýar.Şulary göz öňünde tutup, çäräni guraýjylara uly üstünlikleri, ähli myhmanlara bolsa ýatdan çykmajak agşamy hem-de däp bolan Wena walsynyň jadyly owazy astynda Wenanyň gaýtalanmajak dünýäsinden lezzet almagy arzuw edýärin.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews