Planetany goramagyň täze eýýamy başlanýar

SalamNews

8 Noýabr, 2022

6-njy noýabrda Ýakyn Gündogaryň iri döwletleriniň biri bolan Müsüriň Şarm El-Şeýh şäherinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşýan taraplaryň maslahatynyň 27-nji mejlisi (COP27) başlandy.

Häzirki wagtda adamzadyň başynda duran iň esasy meseleleriň biri hem ekologiýa bilen baglanyşyklydyr. Soňky döwürde bu meseläniň üstünde düýpli barlag işleri alnyp barylýar, tebigata adamyň zyýanly täsirini azaltmak üçin dürli çäreler geçirilýär. 2015-nji ýylda Fransiýa Respublikasynyň paýtagty Pariž şäherinde geçen ekologiýa maslahaty bu babatda uly ädimleriň biri boldy. Maslahatda dünýä döwletleri howanyň gyzmagynyň öňüni almak üçin zyýanly galyndylary azaltmak barada ylalaşdylar.

Geçen ýyl Glazgoda geçirilen sammitde bolsa onuň maliýe çykdajylary we kada-kanunlary işlenip düzülipdi. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti çykyş edip, ekologiýa abadançylygy bilen bagly başlangyçlary öňe sürüpdi.

Müsür döwletiniň Şarm El-Şeýh şäherinde geçirilýän sammitde bolsa howanyň gyzmagyna getirýän zyýanly galyndylary azaltmakda degişli işleri durmuşa geçirmäge başlanylmalydygy bellendi. Maslahat işini 20-nji noýabrda tamamlar.

Dünýä döwletleriniň ýygnanyşygynda bellenişine görä, bu çäreler durmuşa geçirilse, asyryň ahyrlaryna çenli howa bary-ýogy Selsiýa boýunça 1,7 dereje gyzar.

Çykyşlarda bellenişi ýaly, bu çäräni durmuşa geçirmek üçin has ösen döwletler hem-de halkara guramalar ösüp barýan döwletlere 100 milliard amerikan dollary möçberinde kömek etmeli bolarlar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews