«iPad-da ýasaly»: «Nike» Tim Kuk üçin özboluşly krossowka çykardy

SalamNews

18 Maý, 2024

Şu günler «iPad» tehnologiýasyndaky täzelikler barada gürrüň beren Tim Kugyň aýagynda sargyt bilen öndürilen ýörite krossowka görüldi.

Bu «Nike Air Max 1 '86» krossowkalarynyň ýörite görnüşi bolup, M4 çipli täzelenen «iPad Pro» we täze «Apple Pencil Pro» tehnologiýalarynyň görkezilişini geçmek üçin döredildi.

«Nike» aýakgap dizaýnynyň 7-nji maýda görkezilişi bolýan «Apple» planşetlerinde ýörite döredilendigini aýtdy. Aýakgabyň diljagazynda «Made in iPad» diýen ýazgy bar.

Gynansak-da, krossowkalar ýeke-täk nusgada çykaryldy we aýakgap kompaniýasynyň olary dolanyşyga girizmek meýilnamasy ýok.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews