«Ahal» Türkiýede geçýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäginde Saud Arabystanynyň klubuny ýeňdi

SalamNews

29 Iyul, 2023

Ýurdumyzyň «Ahal» futbol kluby Saud Arabystanynyň «Al-Faýsali» topary bilen geçiren ýoldaşlyk duşuşygyny ýeňiş bilen jemledi — 3:2.  

Duşuşyk Türkiýäniň Kartepe şäherinde geçirildi.

Serdar Geldiýewiň şägirtleri nobatdaky garşydaşyny bir gol aratapawudy bilen ýeňip, güýçlüdiklerini subut etdiler. «Ahala» futbol meýdanynyň ganatynda hereket edýän hüjümçi Elman Tagaýewiň dublynyň (32, 69) hem-de Alibek Abdyrahmanowyň (87) aýgytlaýjy golunyň ýeňiş getirendigini bellemelidiris.   

Bu duşuşyk «Ahalyň» AFK-nyň Çempionlar ligasynyň öňüsyrasynda Türkiýe Respublikasynyň Kartepe şäherinde geçýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäginde ýaýbaňlandyryldy.

Ozal türkmen topary Saud Arabystanynyň «Al-Adala» topary (2:2) bilen duşuşypdy. «Ahalyň» indiki duşuşjak toparlary bolsa Kataryň «Um Salal» (3-njy iýul) hem-de Kuweýtiň «Al-Arabi» (2-nji awgust) klublary bolar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews