Türkmen dzýudoçylary Daşkentde geçjek Uly Tuwalga ýaryşyna gatnaşmak üçin bellige alyndy

SalamNews

23 Fewral, 2023

Türkmenistanly dzýudoçylaryň Daşkentde geçjek Uly Tuwalga ýaryşyna gatnaşmak üçin bellige alnandyklary Halkara Dzýudo Federasiýasynyň saýtynda öz beýanyny tapýar.

48 ýurtdan iň güýçli dzýudoçylary jemlejek ýaryş olimpiýa ýollanmasy üçin zerur utuklary toplamaga uly mümkinçilik bolar.

Ýaryşa türkmenistanly dzýudoçylaryň 14-si gatnaşar. Oglanlardan Aýbek Omirow, Hakberdi Jumaýew (60 kg-e çenli agramda), Serdar Rahimow, Hekim Agamämmedow (66 kg-e çenli), Parahat Nazarow, Begenç Soltanow (72 kg-e çenli), Şatlyk Seýitmyradow (81 kg-e çenli), Mämmedaly Açyldyýew (90 kg-e çenli), Baýmyrat Majanow (100 kg-e çenli) dagy göreşer. Aksoltan Hojageldiýewa, Kurbanaý Kurbanowa (48 kg-e çenli), Saýara Rozyýewa (52 kg-e çenli), Maýsa Pardaýewa (57 kg-e çenli) hem-de Zülhumar Daşkinowa (63 kg-e çenli) bolsa gyzlaryň ýaryşlarynda başarnyklaryny synarlar.

3 — 5-nji mart aralygynda geçiriljek ýaryşyň umumy baýrak gaznasy 154 müň ýewro barabardyr.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews