Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň medal sanawynda bäşinji orny eýeledi

SalamNews

3 Aprel, 2023

Albaniýanyň Durres şäherinde geçirilen ýetginjekleriň arasyndaky agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna gatnaşan türkmen ýygyndysy ýaryşyň medal sanawy boýunça bäşinji orny eýeledi.

57 ýurtdan 268 türgeni jemlän bäsleşikde türkmen ýetginjekleri ajaýyp netijeleri görkezdiler. 13 ýaşly ildeşimiz Ogulşat Amanowa hem-de onuň 17 ýaşly uýasy Medine Amanowa dünýäniň çempionlary boldular. Perhat Bagtyýarow bolsa dünýäniň wise-çempiony boldy.

Düýn jemlenen dünýä çempionatynda medallaryň sanawy boýunça birinji orna Türkiýäniň ýetginjekler ýygyndysy (6 medal) mynasyp boldy. Filippinleriň ýygyndy topary ikinji orny (5 medal) eýelese,  Gruziýanyň hem-de Gazagystanyň ýygyndylary üçünji ýeri (her biri 4 medaldan) paýlaşdylar.

Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň medallaryň umumy sany boýunça bäşinji orny eýelemegi sportuň bu görnüşini saýlan ýetginjekleriň ussatlaryň ençemesi bilen tanalýan agyr atletika boýunça türkmen mekdebiniň ýeňişli ýoluny mynasyp dowam etdirjekdiklerini görkezýär.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews