Karatedo boýunça türkmen ýygyndysy dünýä çempionatyndaky çykyşyna başlaýar

SalamNews

24 Oktýabr, 2023

Şu gün — 24-nji oktýabrda Wengriýanyň Budapeşt şäherinde karatedo boýunça dünýä çempionaty başlanýar. Ýaryşa 12 döwletden 1100 çemesi türgen gatnaşýar. Çempionatyň geçýän günlerinde Budapeştde eminler üçin okuw-seminar maslahaty hem ýaýbaňlandyrylar.

Karatedo boýunça dünýä çempionatyna hem-de eminleriň okuw-seminar maslahatyna türkmen wekiliýeti hem gatnaşýar. Häzirki wagtda Budapeşt şäherinde bolýan türkmen wekiliýetine alty adam agzalyk edýär. Bu topara tälimçi Aýdyň Çaryýew ýolbaşçylyk edýär. Wekiliýetimiziň düzüminde eminlerden Röwşen Saryýew bolup, ol bu ýerde geçjek okuw-seminar maslahatyna gatnaşar.

Dünýäniň çempionlygy ugrundaky göreşe bolsa türkmen karateçileriniň dördüsi goşular. Bu ýerde ildeşlerimizden Resul Atajanow, Daýanç Keletliýew, Dawut Nazmyradow hem-de Ogulsuraý Täçdurdyýewa dagy çykyş eder. Ýurdumyzyň Karatedo federasiýasynyň wekilleriniň habar berşi ýaly, bu ussatlaryň ählisi birinji derejeli türgenlerdir.

Ýeri gelende bellesek, türkmen karateçileri gatnaşýan dünýä we Aziýa çempionatlarynyň hem-de beýleki halkara ýaryşlarynyň ählisini şowly jemlemegi başarýarlar. Karatedo boýunça türkmenistanly ussatlar golaýda Hytaý Halk Respublikasynyň Hançžou şäherinde geçen XIX tomusky Aziýa oýunlaryndan hem medally dolanmagyň hötdesinden gelipdiler. Munuň özi nobatdaky möhüm synagyň — karatedo boýunça dünýä çempionatynyň hem ildeşlerimize uly üstünlikleri getirjekdigine ynamyňy artdyrýar. Şol sebäpden hem, biz türkmen ýygyndysynyň şol medally ýoly täze netijeler bilen bezemeklerini arzuw edýäris.

Karatedo boýunça dünýä çempionaty 29-njy oktýabrda jemlener.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews