Ýetginjek futbolçylarymyz kümüş medally dolandylar

SalamNews

1 Iyul, 2023

Biziň Özbegistanyň Karşy şäherinde geçen «Tomus — 2023» atly çagalaryň futbol ýaryşynda 2010-2011-nji ýyllarda doglan türgenlerimiziň netijesi hakyndaky habarymyzy okyjylarymyza ýetirenimize kän wagt geçenok. Şol toparymyz üçünji orna mynasyp bolupdy.

Nobatdaky hoş habarda bolsa 2007-2008-nji ýyllarda doglan ýetginjeklerden düzülen ýygyndy toparymyzyň şol ýaryşdaky netijeleri buşlanýar. Bu toparymyz 6 toparyň arasynda aýlawlaýyn görnüşinde geçen ýaryşda ikinji orna eýe boldy.

Toparlarymyzyň ikisiniň hem çagalaryň halkara futbol ýaryşyndan medally dolanmagyň hötdesinden gelmekleri ýurdumyzda millionlaryň söýgüli oýny boýunça ussatlaryň täze nesliniň kemala gelýändiginden nyşandyr.

Üstünlige ýeten toparlarymyz Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Futbol boýunça geljekki olimpiýaçylaryň ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler sport mekdebiniň (GOÝÇÝSM) türgenlerinden ybaratdyr.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews