Türkmenistanyň milli ýygyndy topary Gonkong bilen deňme-deň oýnady — 2:2

SalamNews

22 Noýabr, 2023

Şu gün — 21-nji noýabrda Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndy topary Dünýä çempionaty – 2026-nyň hem-de Aziýanyň Kubogy – 2027-niň saýlama tapgyrynyň çaginde Gonkong bilen duşuşdy.

Gonkongda geçen duşuşyk deňlikde jemlendi — 2:2.

Türkmen ýygyndysyndan Ruslan Mingazowyň dubly bellige alyndy. Ol 4-nji hem-de 36-njy minutlarda tapawutlandy.

Ýer eýelerinden bolsa Wai Wongyň (12) hem-de Ewerton Kamargonyň (65) gollary bellige alyndy.

Ýygyndy toparlaryň ikisi hem saýlama tapgyrdaky ilkinji utuklaryna eýe boldular.

Mergen Orazowyň şägirtleri saýlama tapgyryň nobatdaky duşuşygynda ýurdumyzda Eýranyň milli ýygyndy toparynyň garşysyna çykarlar. Bu duşuşyk 2024-nji ýylyň 21-nji martynda geçer.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews