Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçmek üçin Antalýa bardy

SalamNews

27 Maý, 2024

2

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndy topary okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçmek üçin Türkiýäniň Antalýa şäherine bardy.

Türkmen futbolçulary bu ýerde 4-nji iýuna çenli güýçlendirilen türgenleşik işlerini geçerler, şondan soň bolsa Daşkent şäherine tarap ýola düşerler. Türkmenistanyň ýygyndy toparyna Dünýä çempionaty – 2026-nyň hem-de Aziýanyň Kubogy – 2027-niň saýlama tapgyrynyň çäginde Özbegistanyň we Gonkongyň ýygyndy toparlary bilen geçiriljek duşuşyklar garaşýar. Şolaryň birinjisi 6-njy iýunda Daşkentde özbek ýygyndysynyň, ikinjisi bolsa 11-nji iýunda Aşgabatda Gonkongyň milli ýygyndy toparynyň garşysyna geçiriler.     

Ýygyndy topar 24 oýunçyny özünde jemleýär:

Derwezeçiler:

Rüstem Ahallyýew («Ahal»), Batyr Babaýew («Altyn Asyr»), Gurbanmyrat Garaýew («Arkadag» futbol kluby).

Goragçylar:

Güýçmyrat Annagulyýew, Abdy Bäşimow, Mekan Saparow, Yhlas Toýjanow, Meýlis Durdyýew (hemmesi «Arkadag» futbol klubundan), Ata Geldiýew, Hakmuhammet Bäşimow (ikisi-de «Ahal»). 

Ýarymgoragçylar:

Arslanmyrat Amanow, Mirza Beknazarow, Welmyrat Ballakow, Şanazar Tirkişow (ählisi «Arkadag» futbol klubundan), Teýmur Çaryýew («Abdyş-Ata», Gyrgyzystan), Alibek Abdyrahmanow, Ýazgylyç Gurbanow (ikisi hem «Ahal»).  

Hüjümçiler:

Didar Durdyýew, Altymyrat Annadurdyýew, Begenç Akmämmedow (üçüsi-de «Arkadag» futbol klubundan), Myrat Annaýew, Selim Nurmyradow (ikisi-de «Altyn Asyr»), Akmämmet Metdäýew, Elman Tagaýew (ikisi hem «Ahal»).

Tälimçiler düzümi:

Mergen Orazow (baş tälimçi), Mekan Muhammetmyradow, Welsähet Öwezow, Pawel Matus, Ildar Täşliýew, Batyr Rozyýew.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews